1) Kompýuteriň ähli logiki we matematiki amallaryny ýerine ýetirýän, "beýni" wezipesini ýerine ýetirýän bölegi haýsysy? a) RAM b) Prosessor (CPU) c) Gaty disk (Hard Disk) d) Wideokarta 2) Kompýuter öçürilende içindäki maglumatlaryň öçürilýän "wagtlaýyn ýat" birligi haýsysy? a) SSD b) Ene plata (Anakart) c) RAM d) USB ýat 3) Operasion ulgam (Windows, macOS, Linux) näme işe ýaraýar? a) Diňe oýun oýnamaga kömek edýär. b) Kompýuter enjamlary bilen ulanyjynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýär. c) VPN üçin gerekli d) Internetiň tizligini artyrýar. 4) Internet dünýäsindäki her bir kompýuteriň eýe bolan, "öý salgysy" ýaly üýtgeşik belgi näme? a) Parol b) Ulanyjy ady c) IP salgysy d) URL 5) "google.com" ýaly atlary kompýuterleriň düşünýän IP salgylaryna öwürýän ulgam haýsysy? a) DNS b) HTTP c) RAM d) CPU 6) Programma üpjünçiligi dünýäsinde bir programmanyň "görünýän tarapyny" (düwmeler, reňkler) taslaýan ugra näme diýilýär? a) Backend b) Kiber Howpsuzlyk c) Frontend d) Maglumatlar ylmy (Data Science) 7) Programmanyň "aşhanasy" hasaplanýan, maglumatlar bilen işleyän we serwer amallarynyň ýerine ýetirilýän ugruna näme diýilýär? a) Frontend b) Backend c) Grafiki dizaýn d) Enjamlaýyn üpjünçilik 8) Web saýtlary internete hödürleýän, 24 sagatlap açyk duran güýçli kompýuterlere näme diýilýär? a) Syçanjyk b) Serwer (Server) c) Printer d) Klaviatura 9) Kiber Howpsuzlyk ugrunyň esasy maksady näme? a) Kompýuteri çaltlandyrmak. b) Ulgamlary we maglumatlary hüjümlerden goramak. c) Has gowy oýun oýnamak. d) Kod ýazmagy bes etmek. 10) "Emeli Intellekt" (AI) umumylykda nämäni maksat edinýär? a) Kompýuteriň öz-özünden karar bermegini we öwrenmegini. b) Kompýuteriň az gyzmagyny. c) Klawiaturanyň has çalt işlemegini. d) Internet kabellerini täzelemegi. 11) Python gurnalanda "Add Python to PATH" diýen öýjügi näme üçin belläp geçýäris? a) Python-yň reňkini üýtgetmek üçin. b) Terminalyň islendik ýerinden Python buýrugyny işledip bilmek üçin. c) Kompýutere parol goýmak üçin. d) Interneti çaltlandyrmak üçin. 12) Python-da san = 10 setirindäki maglumat görnüşi haýsysy? a) float b) str c) int d) bool 13) Python-da bahasy = 19.99 setirindäki maglumat görnüşi haýsysy? a) int b) bool c) float d) str 14) salam = "Salam Dünýä" setirindäki maglumat görnüşi haýsysy? a) str b) float c) int d) None 15) aktiw = True setirindäki maglumat görnüşi haýsysy? a) int b) bool c) str d) float 16) Python-da degişkeniň ady (variable name) näme bilen BAŞLAP BILMEZ? a) Aşaky çyzyk (_) b) Harp c) San d) Baş harp 17) Ulanyjydan maglumat almak üçin haýsy funksiýa ulanylýar? a) print() b) type() c) input() d) int() 18) input() funksiýasy bilen alnan sanly maglumat bilen matematiki amal ýerine ýetirmek üçin näme etmeli? a) Hiç zat etmeli däl. b) Maglumaty int() ýa-da float() bilen sana öwürmeli. c) Maglumaty dyrnagyň içine almaly. d) Kompýuteri täzeden işledip görmeli. 19) type(5.5) buýrugynyň netijesi näme bolar? a) int b) str c) float d) bool 20) Python-da goşmak operatory haýsysy? a) * b) + c) - d) / 21) 10 % 3 amalynyň netijesi (galyndysy) näme? a) 1 b) 3 c) 0 d) 3.33 22) 2 ** 3 (Derejä götermek) amalynyň netijesi näme? a) 6 b) 5 c) 8 d) 9 23) "Deňmi?" diýip barlaýan deňeşdirme operatory haýsysy? a) = b) == c) != d) <> 24) 5 != 5 aňlatmasynyň netijesi näme? a) True b) False c) 0 d) Error 25) and (we) operatory haçan "True" netijesini berýär? a) Şertleriň diňe biri dogry bolsa. b) Şertleriň ikisi-de ýalňyş bolsa. c) Şertleriň ikisi-de dogry bolsa. d) Hiç haçan. 26) or (ýa-da) operatory haçan "True" netijesini berýär? a) Şertleriň azyndan biri dogry bolsa. b) Şertleriň ikisi-de ýalňyş bolsa. c) Diňe ikisi-de dogry bolsa. d) Diňe ikisi-de ýalňyş bolsa. 27) not True aňlatmasynyň netijesi näme? a) True b) False c) None d) 1 28) 10 > 5 and 5 > 10 amalynyň netijesi näme? a) True b) False c) Error d) 10 29) 10 > 5 or 5 > 10 amalynyň netijesi näme? a) True b) False c) None d) 5 30) puan = 50, soňra puan += 10 edilse, täze baha näme bolar? a) 10 b) 50 c) 60 d) 40 31) print("5" + "5") kodunyň netijesi näme? a) 10 b) 55 c) 5 d) Error 32) Python-da düşündiriş (kommentariýa) ýazmak üçin haýsy belgi ulanylýar? a) // b) # c) /* d) -- 33) not (10 == 10) aňlatmasynyň netijesi näme? a) True b) False c) 10 d) Error 34) if setiriniň ahyrynda haýsy belgi goýulmaly? a) ; b) . c) : d) ! 35) Python-da kod bloklaryny kesgitlemek üçin goýulýan boşluklara näme diýilýär? a) Space b) Indentation (Içeri çekme / Girinti) c) Gap d) Line 36) Birnäçe şerti barlamak üçin ulanylýan "bolmasa eger" buýrugy haýsysy? a) else if b) elif c) if else d) other 37) Hiç bir şert ýerine ýetmese işleýän "Ätiýaçlyk plan" buýrugy haýsysy? a) if b) elif c) else d) end 38) Bir if blogynyň içinde näçe sany else bolup biler? a) Çäksiz b) 2 c) 1 d) 0 39) Bu kod näme çap eder? x = 20 ( if x > 10: print("A") - else: print("B") ) a) A b) B c) AB d) Error 40) Bu kod näme çap eder? not = 45 ( if not >= 50: print("Geçdi") else: print("Galdı") ) a) Galdı b) Error c) None 41) Haýsy buýruk şertli gurluşy başladýar? a) else b) if c) elif d) print 42) if x == 5: setiri näme diýmek? a) x-i 5-e deňle. b) x 5-e deňmi diýip barla. c) x 5-den ulymy diýip barla. d) x-den 5-i aýyr. 43) if 1: kody işlermi? a) Ýok, 1 şert däl. b) Hawa, Python-da 1 "True" (dogry) hasaplanýar. c) Diňe hata (error) berer. d) Kompýuteri öçürer. 44) Ulanyjydan ýaşyny alyp, 18-den kiçi bolsa "Girme ýok" diýýän logiki gurluş haýsysy? a) if yas < 18: b) if yas > 18: c) if yas == 18: d) else yas < 18: 45) if bloklarynda içeri çekme (indentation) goýulmasa näme bolar? a) Kod baribir işlär. b) Diňe duýduryş berer. c) IndentationError hatasy berer we işlemez. d) Kodun reňki üýtger. 46) Hem parol, hem ulanyjy adyny barlamak üçin haýsy operator ulanylýar? a) and b) or c) not d) + 47) elif buýrugy haýsy ýagdaýda işleýär? a) Her wagt işleýär. b) Özünden öňki if ýalňyş bolsa we öz şerti dogry bolsa işleýär. c) Özünden öňki if dogry bolsa işleýär. d) Diňe else ýok bolsa işleýär. 48) Bu koduň netijesi näme? a = 10; b = 10 (if a < b: print("Kiçi") - elif a == b: print("Deň") - else: print("Uly") ) a) Kiçi b) Uly c) Deň d) Hiç biri 49) Python-da if-elif-else gurluşynda diýeliň: birinji if şerti hem dogry (True), ikinji elif şerti hem dogry (True). Bu ýagdaýda Python nähili hereket eder? a) Iki şertiň hem jogabyny çap eder. b) Diňe ikinji elif şertiniň jogabyny çap eder. c) Diňe birinji if şertiniň jogabyny çap eder, beýlekileri barlamaz hem. d) Programma säwlik (error) berip durar. 50) Bir programma düzülen wagty, şertleriň ýazylýan yzygiderliligi (haýsy şertiň birinji, haýsynyň soň ýazylýandygy) näme üçin örän möhümdir? a) iç hili möhüm däl, Python ähli şertleri şol bir wagtda barlap çykýar. b) Möhümdir, sebäbi Python ýokardan aşak işleýär we ilkinji dogry (True) tapan şertinde durýar; beýleki dogry bolup biljek şertleri görmän geçip biler. c) Diňe kody has owadan we tertipli görkezmek üçin möhümdir. d) Möhümdir, sebäbi iň soňky ýazylan şert hemişe iň güýçli şert hasaplanýar.
0%
Python 15+ 1. Quiz
共用
共用
共用
由
Sahatov24t
編輯內容
列印
嵌入
更多
作業
排行榜
顯示更多
顯示更少
此排行榜當前是私有的。單擊
共用
使其公開。
資源擁有者已禁用此排行榜。
此排行榜被禁用,因為您的選項與資源擁有者不同。
還原選項
測驗
是一個開放式範本。它不會為排行榜生成分數。
需要登錄
視覺風格
字體
需要訂閱
選項
切換範本
顯示所有
播放活動時將顯示更多格式。
打開結果
複製連結
QR 代碼
刪除
恢復自動保存:
?